ORAZA
«Oraza» sözi pars dilinden geçipdir. Bu arap dilinde «sawm» we «siýam» sözleri bilen aňladylýar. «Sawm» sözi arapçada: «Bir zatdan daş durmak, özüňi saklamak, böwet bolmak» manylarynda ulanylýar.
Fykyh taýyndan oraza – imsak wagtyndan iftar wagtyna çenli ýagny, selälik wagtynyň gutaryp ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen başlap, tä Gün ýaşyp agşam namazynyň wagty başlanýança aralykda hiç zat iýmän-içmän, jynsy gatnaşyk etmän, öz nebsiňi saklamak diýmekdir.
Oraza tutmak yslamyň bäş esasyndan biridir. Oraza hijretiň ikinji ýyly, şaban (meret) aýynyň onunjy güni Medinede farz edilýär. Munuň farzlygy Kitaba, sünnete we ijmaga esaslanýar. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:
«Eý, iman getirenler! Siz takwa bolarsyňyz diýip, Sizden ozalky ymmatlara farz edilişi ýaly, size hem oraza tutmak farz edildi» (Bakara, 183).
Oraza hem namaz ýaly, beden bilen amal edilýän ybadatdyr. Bu ybadatyň iň esasy aýratynlygy: ynsany erbetlikden saklamagy, nebsiň dürli ham-hyýallaryny jylawlamagydyr. Hadysy şerifde: «Oraza bir galkandyr. Orazaly kişi jahyllyk edip, erbet sözi aýtmasyn. Özi bilen uruşmak, käýişmek, yrsarap azar bermek isleýän kişä: «Men orazaly» diýsin», (Buhary, Müslim) diýip ündelýär. Başga bir hadysda: «Kim ynanyp, sogabyny Allahdan tama edip, remezan orazasyny tutsa, öňki günäleri bagyşlanar», (Buhary) diýilýär.
Oraza ynsany erbet meýillerden saklaýandygy üçin, Resulullah Serwerimiz öýlenmedik ýaşlara şehewi (jynsy) duýgularyň azaryndan goranmak üçin, oraza tutmagy maslahat beripdir. Orazanyň şehewi duýgularyň öňüni alýandygyny häzirki döwürde ylym hem tassyk edýär.
Oraza aýy gelende, jemgyýetde günä işleriň derejesi peselýär, erbetlik azalýar. Muňa derek haýyr-hasenat köpelip, adamlaryň arasynda biri-biri bilen ysnyşykly gatnaşyklar döreýär. Özara arkalaşyk artýar. Orazanyň bu täsiriniň asyl sebäbini Pygamberimiz şu hadysy şerifinde beýan edýär: «Oraza aýy gelende, jennet gapylary açylyp, dowzahyň gapylary ýapylýar we şeýtanlaryň ählisi zynjyrlanýar», (Buhary, Müslim).
Orazanyň Allah dergähinde gadyr-gymmatynyň örän beýikdigi bir kudsy hadysda şeýle beýan edilýär: «Ynsan oglunyň amal eden her haýrynda we ybadatynda özi üçin lezzet we bähbit gazanmak endişesi bardyr. Emma oraza beýle däldir. Oraza diňe Meniň razylygym üçin edilýän ybadatdyr. Onuň sylag-serpaýyny hem Men bererin» (Müslim, Nesaýy).
Başga bir kudsy hadysda bolsa, şeýle ündew bar: «Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin», (Tirmizi). Bu hadysa görä, her haýyr we ybadat üçin on haseneden (ýagşylyk) ýedi ýüz hasenä çenli sogap berilýär. Ýöne oraza üçin sogabyň mukdary çäklendirilmändir. Onuň sylagyny bellemekligi Allah Tagala perişdelerine tabşyrman, hut öz Zaty Akdesinde saklapdyr. Şol sebäpli, mü’minler tutan orazalary üçin, kyýamat güni garaşylmaýan mukdardaky uly sogaplary alar. Resuly Ekrem muňa şeýle yşarat edýär: «...Orazalynyň iki begenji bardyr. Biri iftar wagtynda – agzyny açandaky begenji, beýlekisi bolsa, Rabbine gowşan wagty oraza sylagy bilen sylaglanan pursadyndaky begenjidir» (Buhary, Müslim).
Oraza tutýan kişileriň ýetýän beýik fazylet we şerefli mertebeleri käbir hadyslarda şeýle düşündirilýär:
«Jennetde «Reýýan» diýlen bir gapy bardyr. Bu gapydan kyýamat gününde diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim o gapydan goýberilmez. Kyýamat güni: «Oraza tutanlar nirede?» diýlip gygyrylar. Oraza tutanlar girip gutarandan soň, şol gapy ýapylar», (Buhary, Müslim, Nesaýy, Ahmet b. Hanbel).
«Allaha kasam bolsun, orazalynyň agzynyň ysy kyýamat gününde müşk ysyndan has ýakymly bolar» (Buhary).
«Üç kişiniň dogasy ret edilmez:
1. Iftar edýänçä, orazalynyň,
2. Adalatly döwlet ýolbaşçysynyň,
3. Mazlumyň», (Tirmizi).
Bu mübärek aýda oraza tutmakdan başga Kuran okamak, sadakalar paýlamak, başgalara agyz açdyrmak ýaly salyh amallaryň hem sogabynyň gat-gat boljakdygy, Pygamberimiz tarapyndan bize habar berlipdir: «Kim bir orazala agyz açdyrsa, özüne onuň sogabyça sogap ýazylar. Üstesine agyz bekleýäniň sogabyndan hem hiç zat kemelmez», (Tirmizi, Ibn Maje), hadysy muňa mysaldyr.