Kuran-Kerimiň 1-nji süresi bolan Fatiha süresiniň Türkmençe terjimesi.
Allaha hamd, Pygamberimiz Muhammede salat we salam bolsun.
1-nji süre: «Fatyha» («Açylyş»)
«Fatyha» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 7 aýatdan ybaratdyr. Kurany Kerimiň ilkinji süresidigi üçin, oňa «bir ýeri ýa-da bir zady açan, açyjy» manysynda «Fatyha» diýlip at berlipdir. Bu süräniň «Ummul-kitap» («Kitaplaryň enesi»), «Sebgul-mesäni» («Gaýtalanýan ýedi aýat»), «Esas» («Düýp-özen»), «Şifä» («Şypa beriji»), «Käfiýe» («Ýeterlik»), «El-hamd» («Hamdy-sena»), «Salät» («Namaz»), «Dua» («Dileg-doga») we «Taglym» («Tälim») ýaly atlary hem bar. Bu süre halkymyzyň arasynda «Elham» süresi diýlip meşhurlyk gazanypdyr. Pygamberimiz Muhammet sallallahu aleýhi we sellem), (Buhari we Muslim hadys kitaplaryndan gelen hadysynda) : «Fatihany-Alhamy» okamaýanyň namazy ýokdur» diýipdir. Şonuň üçin hem «Elham» süresi namazyň ähli rekagatlarynda okalýar. Kurany Kerim bütin adamzada dogry ýoly görkezmek üçin inderilipdir. Bu mubärek we uz manyly süre Kurany Kerimiň gysgaça manysyny özünde jemleýän we yslam dininiň düýp özeni hasaplanylýan süredir. Onda taryp edilmäge diňe Allahyň mynasypdygy, Allahyň bendelerine bu dünýäde Rahman (Mähriban), ahyretde Rahymdygy (Rehim-şepagatlydygy), diňe Allaha ybadat edilmelidigi, dogry ýoly tapmagyň we dogry ýoldan azaşmagyň hem Allahyň eradasy bilen baglydygy beýan edilýär.
بِسْمِ اللّٰهِ الرَّحْمٰنِ الرَّح۪يمِ
1-Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-şepagatly) Allahyň ady bilen.
اَلْحَمْدُ لِلّٰهِ رَبِّ الْعَالَم۪ينَ
2-(Ähli) hamdy-senalar älemleriň Robbi Allaha mahsusdyr.
اَلرَّحْمٰنِ الرَّح۪يمِ
3-(Ol) Rahmandyr (Mähribandyr), Rahymdyr (Rehim-şepagatlydyr).
مَالِكِ يَوْمِ الدّ۪ينِ
4-Din (kyýamat) gününiň Eýesidir.
اِيَّاكَ نَعْبُدُ وَاِيَّاكَ نَسْتَع۪ينُ
5-(Eý, Allahym!) Biz diňe Saňa ybadat edýäris we diňe Senden kömek soraýarys!
اِهْدِنَا الصِّرَاطَ الْمُسْتَق۪يمَ
6-(Eý, Allahym!) Bizi dogry ýola (yslam dinine) gönükdir!
صِرَاطَ الَّذ۪ينَ اَنْعَمْتَ عَلَيْهِمْۙ غَيْرِ الْمَغْضُوبِ عَلَيْهِمْ وَلَا الضَّٓالّ۪ينَ
7-(Bizi) gazaba sezewar bolanlaryň we azaşanlaryň (ýoluna) däl-de, Öz nygmat berenleriň ýoluna (gönükdir)!
Düşündiriş: «Fatiha-Alham» süresi okalandan soň, «Ämin!» («Kabul et!») diýmek sünnet hasaplanylýar.
Allaha hamd, Pygamberimiz Muhammede salat we salam bolsun.
Bellik: Kuran-Kerimiň Türkmençe terjimesini ýüklemek üçin:
http://www.turkmenmedrese.com/kitaphana/turkmence-kitaplar/18-kuran-we-tefsir/178-tuerkmen-dilinde-kuran-kerim.html